Köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl Türkmenistanda immunizassiýa hepdeligi 2025-nji ýylyň 28-nji aprel — 4-nji maý aralygynda geçirilýär. Ýagny şu günden imminizasiýa hepdeligi başlandy.
Hepdelik adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilendir. Onuň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.
Saglyk öýlerinde immunizasiýanyň möhümdigi barada ilaty habarly etmek boýunça maslahat beriş
otaglary hem-de degişli telefon nokatlary işleýär.
Öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goranmagyň iň zerur we howpsuz usullarynyň biridir.
Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlara, islegine görä, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, bellenilen saglyk öýlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Sanjymlardan ýüz dönderýän ene-atalar bilen aýratyn wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de degişli çäkde hasapda durmaýan we meýilnama boýunça sanjym almaýan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýazuw geçirilýär.
Immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän metbugat maslahatlarynyň, ugurdaş mazmunly «tegelek stollaryň», tele we radio gepleşikleriň dowamynda immun öňüni alşyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Saglyk öýlerinde immunizasiýanyň möhümdigi barada ilaty habarly etmek boýunça maslahat beriş otaglary hem-de degişli telefon nokatlary işleýär. Öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda, çagalara sanjym etmek işleri geçirilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň we degişli hünär ugurly okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda immunizasiýa meselelerine bagyşlanan ugurdaş
bäsleşikler guralýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň başlangyjy bilen, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi keselleri öňünden duýdurmak, her bir adamyň ömrüni goramak maksady bilen, ilata sanjym etmegiň ägirt uly ähmiýetine akyl ýetirmäge gönükdirilendir.
Gülraba HATAMOWA,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň immunolog lukmany.