JEMGYÝET

Ilon Mask «Ýylyň adamy» boldy

«Time» žurnalynyň wersiýasy boýunça amerikaly telekeçi Ilon Mask «Ýylyň adamy» diýen ada mynasyp boldy, diýip, «Российская газета» ýazýar.

Neşiriň bellemegine görä, 274 milliard dollara barabar baýlygy Masky dünýäniň iň baý adamyna öwürdi. Dostlarynyň aýtmaklaryna görä, ol çylşyrymly ýagdaýlardan çykmak üçin adaty bolmadyk çözgütleri tapmagy başarýar.

«Ýylyň adamy — 2021» adyny almak üçin 54 dalaşgär dalaş etdi. Olaryň arasynda syýasatçylar, şol sanda ýurtlaryň baştutanlary, biznesmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, artistler, türgenler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: