DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilon Mask taryhda baýlygy 700 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy

“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask taryhda baýlygy 700 milliard amerikan dollaryndan geçen ilkinji adam boldy. Bu barada “Forbes” habar berýär. Häzirki wagtda milliarderiň emlägi 749 milliard amerikan dollaryna ýetdi.
Ilon Maskdan soň dünýäniň iň gurply adamlary şulardyr: Larri Peýj (252,7 milliard), Larri Ellison (242,8 milliard), Jef Bezos (239,4 milliard) we Sergeý Brin (233,2 milliard amerikan dollary).