TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ilon Mask Aşgabada wekil ýollady

Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi
we ylmy maslahaty geçirilýär.
Şu günler Aşgabada gelen onlarça daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalarynyň arasynda ABŞ-nyň «Space X» kompaniýasy ilkinji gezek sergä gatnaşýar. ABŞ-nyň «Space X» kompaniýasynyň wekili Ýelena Paýşer:
— Türkmenistanda şular ýaly wekilçilikli foruma ilkinji gezek gatnaşýandygymyza garamazdan, bu Türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen ilkinji gezek hyzmatdaşlygymyzy aňlatmaýar. Mälim bolşy ýaly, ozal kompaniýamyzyň hünärmenleri taslamanyň işlenip düzülmegine gatnaşdy we Kanawerelden (ABŞ) «Türkmen Älem 52 0E» ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy kosmos orbitasyna uçuryldy. Kompaniýamyz ençeme ýyl bäri aragatnaşyk hemrasyny uçurýar we beýleki hyzmatlary hem ýerine ýetirýär. Sergi hakynda aýtsam, onda iň ýakymly duýgulara eýe boldum, sergi we ylmy maslahat ýokary derejede guralypdyr we guramaçylara sagbolsun aýdýaryn. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ajaýyp şäher we onuň gözelligi ajaýyp täsirleri döredýär — diýip, gürrüň berdi. Onuň sözleri «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda
paýlaşyldy.