Ýaşlaryň ýurtda alnyp barylýan belent maksatly işlere goşantlaryny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatyndaky geňeşlerinde we ilkinji guramalarda geçirilýän maslahatlarda täze wezipeler goýulýar.
Maslahatlarda döwlet Baştutanynyň il-ýurdumyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge gönükdirilen guwandyryjy işleri we ýurduň gazanýan ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.
Ýaşlar geljekde sebitiň uly senagat merkezleriniň birine öwrülmegi üçin öňde goýlan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrýarlar.