JEMGYÝET

Ilkinji web-saýtyň döredilenine otuz ýyl boldy

1989-njy ýylyň 12-nji marty biziň häzirki bilýän görnüşimizde Internetiň dörän güni hasap edilýär. Ondan bir ýyl gowrak soň bolsa, has takygy, 1991-nji ýylyň 6-njy awgustynda dünýäde ilkinji web-saýt — info.cern.ch — peýda boldy. Bu barada «Rambler» ýazýar. Bu saýt häzirem işleýär. Ony programmaçy Tim Berner-Li döretdi. Ol maglumatlary ibermegiň HTTP protokolyna, salgylanmagyň URI ulgamyna we gipertekstleri bellemegiň HTML diline esaslanan World Wide Web täze tehnologiýanyň bu resursdaky beýany bilen tanyşdyrdy. HUT Tim Berners-Li häzir işleýän Setiň esasy prinsiplerini dörediji hasap edilýär. Ol Internetiň gözleýjisiniň we resminamalarynyň, şonuň ýaly-da täzelik resurslarynyň gipertekst arkaly elýeterliliginiň mümkinçiligini görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: