DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilkinji waksina 14-nji awgustda taýýar bolar

Dünýäde ilkinji koronowirus waksinasy synaglardan üstünlikli geçdi. Seçenow uniwersitetinde (Russiýa) geçirilen synaglaryň netijesinde waksinanyň ynsan üçin zyýansyzdygy doly tassyklanyldy.
Waksinany N.F.Gamaleýa adyndaky Milli epidemilogiýa we mikrobiologiýa ylmy merkeziniň alymlary işläp taýýarladylar. Onuň synaglary 18-nji iýunda başlapdy. Bu synaga meýletinçileriň birnäçesi gatnaşdy.
Meýletinçileriň birinji topary 15-nji, ikinji topary bolsa 20-nji iýulda keselhanadan çykarylar. Synaglaryň ikinji tapgyry 28-nji iýula çenli tamamlanar. Mahlasy, rus hökümeti waksinanyň 14-nji awgustdan başlap, köpçülige berip başlamagy meýilleşdirýär.
Hassalar täze waksinada boýunça iki gezek bejergi almaly bolarlar. Bu koronowirusyň gaýdyp dagy-duwara bedenimize ýakynlaşmazlygyna ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: