BIZE YAZYARLAR

Ilkinji mekdepleriň döreýşi

Bilim bu durmuşymyzyň iň esasy gurallarynyň biridir. Bilim bermegi kämilleşdirmek bilim alýanlaryň daşky gurşawy, okuw otaglary ýagny mekdepler bilen göniden-göni bagly bolýar. Biz siziň üçin taryhda ilkinji döredilen mekdepler barada gyzykly maglumatlary topladyk.
Taryhda ilkinji dörän mekdep bu musulmanlaryň Kraun Fese mekdebidir. Ol häzirki Palestinada 859-njy ýylda döredilipdir. Ol mekdebe esasan hem oglan çagalar köp gatnapdyrlar. Mekdep dini mekdep bolandan soň çagalara esasan mollalar mugallymçylyk edipdirler. Kitaplaryň ýetmezçilik edeniligi, gymmat bolanlygy üçin kitaplar elde ýazylyp okuwçylara berilipdir.
Ruslarda 988-nji ýylda şuňa meňzeş mekdepler knýaz Wladimiriň döwründe döredilipdir. Ol mekdeplerde esasan ylym öwredilipdir. Häzirki geografiýa, matematika, fizika ýaly derslerden okadylýan çagalar berk düzgün-nyzam bilen saklanylypdyr.
Ilkinji gezek XVII asyrda ýaşap geçen çeh pedagogy Ýan Amos Komenski häzirki döwrebap mekdepleriň düýbüni tutujy hasaplanýar. Ol özi üçin ýönekeý, ýöne dünýämiz üçin bolsa ajaýyp bir açyşy edip gitdi. Onuň başyny tutmagy bilen dowamlylygy 45 minut bolan okuw sagatlary, her okuw sagadyndan soň çagalara dynç alyş wagtlary ýagny arakesmeler, şol bir ýaşdakylar üçin bir toparyň
döredilmegi, olaryň ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda şol bir dersleri okadylmagy ýola goýuldy. Komenskiniň pikirine görä okuwça bir temany özleşdirmek üçin 45 minut wagt berilmeli we öýe ýumuşlar tabşyrylmalydy.

KOÇKAROWA Nargül,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: