TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň endiklerini öwretdiler

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Dänew we Çärjew etraplarynda iki günlük okuw gurady.
Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini öwretmek boýunça guralan okuwa etrap häkimlikleriniň wekilleri, polisiýa işgärleri we orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwyň başynda testiň kömegi bilen okuwa gatnaşýanlaryň lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek boýunça bilimlerini barladylar. Soňra durmuşda duş gelýän dürli hadysalar, lukmandan deslapky ilkinji kömek barada düşünje berdiler we okuwyň maksadyny açyp görkezdiler. Slaýdlary görkezmek bilen, iki günüň dowamynda ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwretdiler. Aýratyn hem, ýürek-öýken keselinden, gan akmadan, ýaradan, dem alyş ýollarynyň dykylmagyndan, dürli zäherlenmelerden ejir çekýänlere, gark bolanlara kömek bermegiň üstünde durup geçiler. Okuwa gatnaşanlar alan bilimlerini tejribede berkitdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply