Ilkinji kömek – betbagtçylykly ýagdaýlarda, şikes ýetmelerde
Raýatlara ilkinji kömek betbagtçylykly ýagdaýlarda, şikes ýetmelerde, zäherlenmelerde hem-de olaryň janyna we saglygyna howp salýan başga ýagdaýlarda we kesellemelerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli taýýarlygy bolan we ilkinji kömegi bermäge borçly bolan adamlar tarapyndan lukmançylyk kömeginden öň berilýän kömek görnüşinde berilýär.
Meselem tebigy betbagtçylyk ýa-da dürli hilli awariýalar ýüze çykanda adamyň bedeninde gan akma ýüze çykanda näme etmeli?
Birinjiden her bir adam gan akma näme?
Gan akma – bu ganyň damardan daşyna, ýagny bedeniň boşluklaryna ýa-da daşyna akmagydyr. Ol şeýle sebäplerde ýüze çykyp biler:
1. Dokumalaryň we damarlaryň mehanik şikeslenmeleri;
2. Süňküň zaýalanyp eremegi bilen geçýän keseller (nekrozlar, ýaralar, iriňli ýaralar we süňkde dörän dömme çişleri);
3. Damar diwarynyň süzüjiliginiň bozulmagy (C – awitaminozda, sepsisde, uremiýada, arterial gan basyşynyň peselmeginde we ş.m.).
Eger adam şeýle ýagdaýa düşende onda nähili alamatlar ýüze çykyp biler?
Adamda umumy ysgynsyzlyk we baş aýlanma, huşunyň ýitmegi, gözüne gaýmalaşýan nokatlaryň görünmegi, gorky duýgusynyň we howa ýetmezçiliginiň peýda bolmagy, ýürek bulanma, derisiniň agarmagy we reňkiniň solmagy, sowuk der bilen örtülmegi, arterial gan basyşynyň peselmegi, ýürek urgusynyň we dem alşynyň ýygylaşmagy, çaltlaşmagy ýaly alamatlar ýüze çykar.
Onda şeýle adatdan daşary ýagdaýda ejir çekene berilýän ilkinji kömek nähili?
1. Hadysa bolan ýerine ünsli nazar bilen seretmeli, özüň üçin we ejir çeken adam üçin howpsyz ýagdaý döretmeli;
2. Ejir çeken adamyň dirilik alamatlaryny barlamaly;
3. Gan akma alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin daşky barlag geçirmeli;
4. Eger gan akma bar bolsa, onuň görnüşini anyklamaly (arterial, wenoz ýa-da kapillýar gan akma);
5. Gan akmany saklamagyň iň oňaýly usulyny tapmaly we ulanmaly;
6. Alnan ýaranyň edil özüne gysyjy ýa-da basyjy güýç ulanmaly;
7. Arteriýany barmak bilen basmaly ýa-da çümmüklemeli;
8. Gysyjy sargy, daňy goýmaly;
9. Gan akýan ahyry bogundan epläp maksimal derejede gysyp saklamaly;
10. Gan akmany saklaýjy žgut goýmaly;
11. Ejir çeken adamy golasty örtükler bilen (eşik, ýorgan, palto we ş.m.) örtmeli;
12. Ejir çeken adamyň umumy ýagdaýyny «Tiz kömek» gullugy gelýänçä yzygiderli barlap durmaly (huşuny, dem alşyny, pulsuny);
13. Gan akmany saklamak üçin goýlan sargyny ýa-da žgudy berk göz astynda saklamaly (ýagny gan akmanyň saklanandygyna güwä geçmeli);
Gan akmada ýerine ýetirilip bilinjek gadagan edilýän çäreler:
Bilege ýa-da injige žgut goýmak gadagan, sebäbi ol ýerleriň derisiniň edil aşagyndan orta we kiçi injik nerw şahasy geçýär. Eger-de bu nerw gysylaýsa ahyr öz hereketini ýitirer.
Ýene bir mysal tebigy betbagtçylyk wagtynda ilatyň özüni alyp barşy we hereketleri barada:
Ýer titremesi örän çylşyrymly fiziki we geologiki prosses bolup, örän çuň gatlaklarda geçýän üýtgeşmeleriň netijesinde ýüze çykýan hadysadyr. Ýer titremesi wulkanlaryň atylmagy, ýer gabygynyň döwülmegi ýa-da ösmegi (neotektonika), çökmegi we beýleki sebäplere görä bolup biler. Ýer titremeleri entek doly öwrenilmedik hadysalaryň biridir. Ýöne geçirilýän ylmy-barlaglaryň we gözegçilkileriň netijesinde ýer titremeleriň bolup geçýän teritoriýalary anyklanyldy, ýer titremeleriň öňünden bolup geçýän alamatlary anyklanyldy. Ýer şarynda bir günde dürli derejedäki ýer titremeleriň 3000 müňden gowragy registrirlenýär. Ýer titremeleriň ojaklary we territoriýalary güýji boýunça ballara bölünip raýonlaşdyrylýandyr. Türkmenistanyň territoriýasynyň daglyk raýonlary ýer titremesi bolýan raýonlar hasaplanýar. Alymlaryň geçiren işleriniň netijesinde biziň ýurdumyzyň territoriýasy seýsmiki taýdan raýonlaşdyrylandyr.
Ýer titremesiniň boljakdygyny duýdurýan alamatlar köp sanly bolup, olaryň käbirleri bolsa şulardan ybaratdyr:
1. Atmosferanyň tebigy gaz düzüminiň üýtgemegi.
2. Howada adaty bolmadyk yslaryňdöremegi we ýaýramagy.
3. Çeşme suwlary düzüminiň, durulygynyň, süýjiliginiň, tagamynyň üýtgemegi.
4. Ýeriň emeli hemralarynda ýer üstiniň käbir uçastogynda üýtgemeginiň, deformirlenmeginiň we beýleki alamatlaryň duýulmagy.
5. Atmosfera elektrik zarýadlaryň we magnitleriň ýokarlanmagy.
6. Meteorologik elementleriň üýtgemegi, basyşyň ýokarlanmagy.
7. Jaýlaryň diwarlarynyň reňkiniň syýa öwüşgin almagy.
8. Gün ýaşan wagtynda gün şöhleleriniň bölek-bölek bolup dik ýokary gitmegi.
9. Elektrik lampalaryň öz-özünden ýarylmagy.
10. Elektrik geçirijilerde gysga utgaşmalaryň bolmagy.
11. Geodeziki reperleriň we görkezijileriň üýtgemegi.
12. Haýwanlaryň adaty hereketleriniň üýtgemegi.
13. Güýçli ýel we erbet ses bolmagy.
14. Temperaturanyň birden üýtgemegi, ýokarlanmagy.
15. Adamlaryň içki duýgularynyň we emosional-psihiki häsiýetleriniň üýtgemegi hem özlerini erbet duýmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Ýer titremeleri wagtynda adamlaryň aljyraňňyllyga düşüp, ýalňyş hereketi edýän halatlary-da boyar. Şonuň üçin adamlar ýer titremesi wagtynda psihiki taýdan has durnukly, başarjaň we dogry hereket eder ýaly, olary öňünden taýýarlamaly, okatmaly we öwretmeli. Ilatyň arasynda düşündiriş işlerini giňden guramaly we köpräk geçirmeli.
Eger-de ýer titremesi bolan halatynda siz başga ýerde, ýagny daşarda, dükanda we ş.m. ýerlerde bolsaňyz, onda siz RG-yň habar beriş signallaryny üns berip diňlemeli we ähli buýruklary, görkezmeleri doly ýerine ýetirmeli.
Ýer titremesinden soňra adamlar kömege mätäçlere kömek bermeli, heläkçilige uçranlary halas etmeli, olara medisina kömegini bermek üçin keselhanalara ugratmaly. Dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almaly. Ýaşaýyş-durmuş şertlerini we halk-hojalyk obýektlerini dikeltmek hem-de işleri ýola goýmak ugrunda jan aýaman işlemeli. Öz şäherinde ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýy düzetmek her bir adamyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň “Adatdan daşary ýagdaýlarda dörände goramak” hünäriniň 103-nji okuw toparynyň talyplary