DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilkinji görkezilişler ýene soňa süýşürildi

«The Walt Disney Company» komapniýasy «Mulan», «Awatar-2», «Ýyldyz söweşleri» filmleriniň ilkinji gezek görkezilişini ýene-de soňa süýşürdi.
«Soňky birnäçe aýyň içinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda film surata düşürmek we ony görkezmek mümkin däl. Çäklendirmeler sebäpli ähli ýer ýapyldy» diýip, «The Hollywood Repoter» neşiri ýazýar.
Tomaşaçylar, esasan hem, «Mulan» filmine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hytaý goşunynda erkek lybasyna girip gulluk eden batyr gyz hakyndaky filmi tomaşaçylara ýetirmegiň täze ýollary gözlenilýär. Ýöne, barybyr, ilkinji görkeziliş üçin ýene birnäçe aý garaşmaly bolsa gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply