JEMGYÝET

Ilatyň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda etrabyň edaralarynda, kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri, maksatlaýyn okuwlar geçirilýär.
Oba ilaty, mekdep mugallymlary we okuwçylar bilen geçirilýän duşuşyklarda tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar bilen baglanyşykly betbagtçylyklar ýüze çykanda, adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary barada giňişleýin düşündiriş berilýär. Ýer titremesi, süýşmesi, harasat gopmagy, sil gelmegi we şulara meňzeş beýleki hadysalar barada habarly bolmagyň, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bilmegiň ýitgileriň öňüni almaga ýardam edýändigini ýatladylýar. Şonda ýüze çykmagy mümkin hadysalar barada umumy düşünjeler hem berilýär. Şonuň ýaly-da, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermek öwredilýär.
Şeýle çäreler Jumaguly Mähremow adyndaky, «Çohpetde», «Güýçbirleşik», «Lebap» daýhan
birleşiklerinde, 4-nji, 7-njy, 12-nji, 21-nji we 28-njy orta mekdeplerinde geçirildi.