JEMGYÝET

Ilatyň arasynda düşündiriş işleri dowam etdirilýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda etrabyň edaralarynda, kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde şu günler geçirilýän wagyz-nesihat we düşündiriş işleri tomusda yssydan goranmaga we suwa düşmegiň düzgünlerine bagyşlanýar.
Zähmetkeşler toparlarynda we ilat bilen geçirilýän duşuşyklarda howa şertleriniň aşa yssy wagty açyk günüň aşagynda köp wagtlap bolmaly däldigine, saý-sebäp bilen çykylan ýagdaýynda bedende suw durnuklylygyny saklamalydygyna adamlaryň ünsi çekilýär. Göni düşýän gün şöhlesinden goranmak, günüň garşysyna ulanylýan äýnekleriň göz üçin peýdasy barada durlup geçilýär. Şonuň ýaly-da, gün uran ýagdaýynda tiz lukmançylyk kömegi gelmänkä, heläk bolana ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary öwredilýär. Şonuň ýaly-da, suwa düşmegi düzgünleri ýatladylýar we diňleýjileriň ünsi diňe rugsat berilen ýerlerde suwa düşülmelidigine, şonda çagalaryň gözegçilik galdyrylmaly däldigine çekilýär.
Şeýle çäreler Jumaguly Mähremow adyndaky, «Çohpetde», «Güýçbirleşik», «Lebap» «Pelwer» daýhan birleşiklerinde, çörek kärhanasynda, etrap alyjylar jemgyýetinde geçirildi.