BIZE YAZYARLAR

Il saglygy-ýurt baylygy

Gahryman Arkadagymyzyň dyşy ýaly,  sagdyn jemgyýet sagdyn döwlet özeni bolup durýar. Biziň her birimiziň hem saglyga degişli ýönekeý talaplary we borçlary berjaý etmegimiz zerurdyr. Saglygy goraýyş edaralarynda guramaçylyk-usulyýet we amaly maslahatlary geçirýäris. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde adamlaryň ýaşynyň ortaça dowamlylygyny uzaltmak her bir adamyň fiziki we zähmet işjeňligini, akyl döredijiligini ýokarlandyrmak adamlaryň aňynda sagdynlyk we ruhubelentlik barada täze düşünjeleri emele getirmek borjumyz bolup, raýatlaryň işleýän, ýaşaýan, okaýan we dynç alýan ýerlerinde saglygy dikeltmek barada çykyşlar geçirýäris. 

Keselleriň öňüni almak we olary bejermekde ynsanyň ruhy ýagdaýyna köp zat bagly. Dertden sagaljaklygyna bolan ynam ynsanyň ganaty. 

Ilki bilen näsag şol düşünjäni aňyndan aýyrmaly we beýnimizdäki ýaramaz pikirlerden saplanmaly. Şol bir wagtda ýaşamaga güýçli islegiň bolmaly. Bedeniňe ýygnanan dürli galyndylardan arassalanmagyň aladasyny etmeli.  Şeýle edilse, bedenden ýaramaz jisimler we mörjewler ýok bolup gider. 

 Adamlar gaharlansalar, olaryň ýüzleri gyzarýar, gaty gorksalar ýüzleri agarýar, aladaly bolsalar, ýüzleri salyk bolýar, aýalary çygjaryp, dyzlary titräp başlaýar. Bularyň bary aňyň bedene edýän täsirindendir.

Adam özüniň söýülýändigini duýan wagty onuň bedeninde ak gan öýjükleriniň mukdary artýar, gan damarlarynda bolsa, agyry bilen göreşmäge ýardam edýän gormonlar peýda bolýar. Şeýle ýagdaýda adamyň haly düýpli özgerýär. Söýgi diňe sagalmakda däl, saglygy gorap saklamakda hem uly ähmiýete eýedir. Adamlaryň köpüsi özlerini söýmeýändikleri üçin nähoşlaýarlar. Elbetde mähir, söýgi her birimize elýeterli zatdyr. Oňa mynasyp bolmagyň ýeke-täk ynamly usuly bardyr.

Biz söýgä haçan mynasyp bolýarys? Haçanda özümiz töweregimizdäki adamlara mähri we söýgini paýlanymyzda. Adam haýsydyr bir ýagşy, peýdaly iş edende ýa-da kimdir birine ýylgyranda, oňa-da şeýle jogap, mähir gaýtarylýar. Şonda adam özüni erkin we şähdaçyk duýýar. Biz adamlara näçe köp ýagşylyk etsek, şol hem bize artygy bilen dolanyp gelýär. Näçe mähri-söýgi bildirsek, şonça-da özümizi oňat duýarys. Hakyky söýginiň ýeňip bilmejek hiç bir kynçylygy ýokdur. Söýgi ähli gapylary açyp bilýän ähli deňizleri ýüzüp geçip bilýän, ähli günäleri ýuwup bilýän, dertleri bejerip bilýän güýçdür. Söýgä mynasyp bolmak üçin söýmegi başarmaly. 

Adam ulag däl. Biz diňe bir süňklerde we etden ybarat däl. Biz ruha eýediris. Ol bolsa himiki elementlerden we molekulalardan has möhüm zatdyr. Biziň ählimizde bedenden ileri tutulýan ruh ýaşaýar. Nirede ynam bar bolsa, şol ýerde ýaşaýyş bar. Ol islendik meseleleriň çözgüdidir. Ynam ynamy döredip, aňyň köşeşmegine ýardam edýär. Lukman Hekim näsaglaryň ýanyna baranda şeýle diýýän eken: ”Biz üç. Men, sen we hassalyk. Eger sen meniň tarapyma geçseň, biz iki bolup hassalygy ýeňeris”. Ol şeýle etmek  bilen näsagyň özünde ynamy döretmäge ymtylypdyr. Deňziň düýbünde ýaşap, Gün şöhlesini görmedik  balyklara göz gerek bolmaýanlygy üçin, olaryň kör bolýanlygy hemmä  belli zat. Şonuň üçin tebigatyň akyl-paýhasyna gulak asmaly. Maşgala adam gylyk-häsiýetiniň çagalykdan taplanyp başlanýan ussahanasydyr. Şonuň üçin maşgala bolup tebigatyň gözel künjeklerine gezelenç etmeli. Mylaýym, näzik, giň, ajaýyp tebigatdan başga hiç bir zat adam duýgularyny sazlaşdyryp bilmez. Ynsan bedeni juda çylşyrymly ulgam. Ol öz-özüni arassalamaga we bejermäge ukyply, ýöne oňa päsgel bermeli däl. Dünýä meşhur hünärmenleriň getirýän maglumatlaryna görä, 20 adam düwnük keselinden ejir çekip, agyr ýagdaýa düşenlerinden soň, gowy duýgularyň kömegi bilen şol keselden halas bolmagy başarypdyrlar. Olar ýagdaýlaryny ruhubelentlik ýoluna gönükmek, kesellerinden gutuljaklygyna ynanmak, durmuşlaryny manylaşdyrmak, söýgi oduna täzeden tutaşmak ýaly güýçli duýgulardan peýdalanypdyrlar. 

Lukman üçin diňe medeniýetli gürleşip bilmek ýeterlik däl. Adamyň ruhy we beýleki duýgularynyň ýagdaýlaryna görä, onuň daşky görnüşinde, gözlerinde, sesinde dürli baý öwüşginler bolýar. Her sözüň bir hili ýalyşlyşy bolsa-da onyň 50 öwüşginde aýdyp bolýar. Lukman gepleşende näsaga diňe pikirini däl, duýgyňy hem bermeli. Lukmanyň sözi näsaga bejeriji täsir edýär. Ýürek duýgulary ukyply adamlaryň giň, çuň, baý, mähirli, duýgur we joşgunly ýüregi bolýar. Olardan beýik ýazyjylar, şahyrlar, suratkeşler, kompozitorlar, artistler ýetişýär. Halkyň ýürek duýgularyny, ruhy ýagdaýyny tertipleşdirmekde, arassalamakda, baýlaşdyrmakda şol adamlaryň tutýan orunlary uludyr.

Melike  Beşimowa,

welaýat köpugurly hassahanasynyň endokrinologiýa bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: