Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, döwrebap saglyk öýleri, hassahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyzyň hyzmatynda goýulýar. Munuň özi raýatlaryň saglygyny goramakda, keselleri ir ýüze çykarmakda we olaryň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir.
Lukman hökmünde gündelik işimizde ildeşlerimize diňe bejergi bermek bilen çäklenmän, eýsem olara sagdyn durmuş ýörelgelerini düşündirmek, dogry iýmitlenmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak, lukmançylyk barlaglaryndan wagtly-wagtynda geçmek barada maslahat bermek esasy wezipelerimiziň biridir. Sebäbi saglygy goramagyň iň ygtybarly ýoly keseliň öňüni almakdan başlanýar.
Maşgala lukmanynyň işi ynsan bilen ýakyn aragatnaşyga daýanýar. Her bir maşgalanyň saglyk ýagdaýyny bilmek, çagalaryň ösüşini gözegçilikde saklamak, eneleriň, ýaşlaryň, garrylaryň saglygyna aýratyn üns bermek biziň hünär borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan, öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi, dispanser gözegçiligi, wagyz-nesihat işleri, saglyk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler möhüm ähmiýete eýedir.
Sagdyn durmuş diňe lukmanlaryň tagallasy bilen däl, eýsem her bir raýatyň öz saglygyna jogapkärli garaýşy bilen berkeýär. Şonuň üçin her bir adam gündelik durmuşynda arassaçylygy berjaý etmeli, kadaly iýmitlenmeli, hereketde bolmaly, ýeterlik dynç almaly we öz wagtynda lukmana ýüz tutmaly. Saglyk — ynsanyň iň uly baýlygydyr. Bu baýlygy goramak bolsa hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.
Gözel BARATOWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.

