Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem barha rowaçlanýar. Çünki ilatyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu hakykat 10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan
çäreleriň mysalynda-da aýdyň açylýar.
Halkymyzyň saglygynyň goragynda duran türkmen lukmanlarynyň hünär baýramy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze saglyk merkezlerini ulanmaga bermek dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şanly
senäniň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiň nobatdaky jildinde şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilse, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitapda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş
ulgamyny ösdürmek babatda gazanylan üstünliklerden söz açylýar.
Allamyrat ORAZDURDYÝEW,
Lebap welaýat «Gaýragoýulmasyz Tiz kömek» merkeziniň hirurg lukmany.
