Ikinji tapgyryň duşuşygyndan soň Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ikinji orunda barýar
Düýn «Aziýanyň Kubogy — 2022-niň» saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen ikinji tapgyryň duşuşygynda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndy toparyndan 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Bişkek şäheriniň «Gazprom» sport toplumynda geçirilen bu duşuşyk 3:0 hasabynda Eýranyň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy, diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.
Şeýlelikde, geçirilen iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Eýranyň milli ýygyndysy birinji orny eýeleýär. 3 utugy bolan ýurdumyzyň ýygyndy topary ikinji, häzirki wagta çenli utuk toplamadyk Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary degişlilikde üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.
Ondan bir gün öň geçirilen birinji tapgyryň çäginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.
Saýlama tapgyryň soňky, üçünji tapgyrynda türkmenistanly futzalçylar Maldiw adalarynyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar.