JEMGYÝET

Iki etrapda boş iş orunlary hödürlener

Ýakyn günlerde Kerki we Halaç etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada Welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi «Türkmen gündogary» gazetinde bildiriş berdi.

Kerki etrabyndaky çäre Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 18-nji aprelde geçiriler. Ol sagat 10-da başlanyp, 12-de tamamlanar. Bölüm Kerki şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 7-nji jaýynda ýerleşýär. Gyzyklanýan adamlar doly maglumaty 800444 2-10-59, 800444 2-03-84 belgili telefonlardan hem alyp bilerler.

Halaç etrabyndaky çäre hem Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde geçiriler. Bu etrapdaky boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi 19-njy aprelde geçirilip, ol sagat 10-dan 12 aralygynda bolar. Halaç şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän bölüm bilen 800441 2-17-72 belgili telefon arkaly habarlaşyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: