«Myradym» hususy kärhanasynyň hünärmenleri Lebap welaýatynyň  çägindäki «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» we «Düýeboýun» suw howdanlarynda ýylyň başyndan bäri 50 tonna golaý balyk awladylar. Balyklaryň 47 tonnadan gowragy bolsa sarp edijilere ugradyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Öz işine geçen ýylyň başynda başlan balykçylyk hojalygy ilaty täze balyk bilen üpjün etmekde üstünlikli işleýär. Häzir bu işe tejribeli balykçylaryň 100-den gowragy gatnaşýar. Hususy kärhana tarapyndan olar üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Amyderýanyň süýji suwunda ýetişen balyklar diňe bir Lebap welaýatynyň çägine däl, eýsem, paýtagta we ýurduň beýleki sebitlerine hem ugradylýar. Bu ýerde awlanylýan ak amur, lakga, tüňňi maňlaý, çapak, zagara, garabalyk, daban ýaly balyklara bolsa isleg has ýokary.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: