BIZE YAZYARLAR

Içgeçme

Howanyň gyzmagy bilen içege keselleriniň döremek ähtimallygy ýokarlanýar. Bu döwürde mikroblaryň köpelmegi üçin amatly şertler döreýär. Tomusda gök önümler, ir-iýmişler ýetişýär, miweler bişýär. Çagalar olary baglaryň şahasyndan ýa-da bakjalardan ýolup iýmegi gowy görýärler. Şol wagt olar önümi we ellerini ýuwmalydygyna üns bermeýärler ýa-da ýadyndan çykarýarlar. Bu ýagdaý bolsa, içege ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Kesel nädip döreýär?

Bu kesel, esasan, çagalaryň arasynda köp duş gelýär. Içgeçme (diareýa) — içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy sebäpli onuň içiniň çalt boşamagy ýa-da suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy, içegeleriň diwarlarynda köp mukdarda gaýnaglama suwuklygyň emele gelmegi netijesinde suwuk täretiň ýygy-ýygydan (gije-gündiziň dowamynda 3 we ondan hem köp gezek) çykmagy bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr.

Keseliň döremeginiň sebäpleri:

• hapa eller bilen iýmit iýlende;
• hajathanadan çykylandan soň, naharlanmazdan öň we soň çagalaryň elleri ýuwulmadyk halatynda;
• gap-gaçlar hapa saklananda;
• ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleri iýlende;
• ýokançly içege keseli bolan näsag bilen galtaşykda bolnanda;
• bişmedik önümler iýlende ýa-da çig önümleri iýip, dessine suw içilende.

Lukmançylyk ylmynda bu kesele «hapa elleriň» keseli hem diýilýär. Içege ýokanç keseliniň esasy alamatlary:

• gaýtarma;
• içgeçme;
• ysgynsyzlyk;
• kellagyry;
• garnyň agyrmasy;
• bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykyp bilýär. Şeýle alamatlar döräninden hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Çagalaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň anatomiki we fiziologiki aýratynlygy iýmit siňdirişiň ýiti bozulmalarynyň ýygy duş gelmegine şert döredip, içgeçmäniň howply gaýra üzülmeleri bolan:

• bedeniň suwuklygy ýitirip suwsuzlanmagyna;
• bedende elektrolitleriň (minerallaryň) deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär.

Içgeçmäniň ýokanç we ýokanç däl görnüşleri bar.

Ýokanç içgeçme:

• ganly içgeçmede (dizenteriýa);
• salmonellýozda;
• kesel dörediji häsiýetli içege taýajygy ýokuşanda;
• ýokançly iýmit zäherlenmesinde;
• wirusly kesellerde (wirusly içgeçme);
• amebiazda we beýleki ýagdaýlarda bolýar.

Ýokanç däl içgeçme:

• alimentar (iýmit);
• dispepsiýa (iýmitiň siňmegi bozulanda);
• toksiki (zäherlenme);
• medikamentoz (dermanlaryň netijesinde dörände);
• newrogen ýagdaýlarda döreýär.

Ene süýdüni emýän çagalarda içgeçme iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň ýygy alamaty bolmak bilen birlikde, bedeniň beýleki agzalarynyň ýokanç kesellerinde (pnewmoniýa, meningit, dümew we beýlekiler) hem duş gelýär. Içgeçme ýylyň hemme paslynda duş gelip, ünsli bolmagy talap edýän bolsa-da, tomsuň jöwzaly yssysynda körpejä ýeterlik seredilmese ýa-da onuň iýmitlenişinde zerur bolan şahsy arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, ýönekeý içgeçme aňsatlyk bilen bedeni zäherleýji görnüşe geçip bilýär.

• Çagany irki ýaşynda aşgazan-içege ulgamynyň aýratynlygy göz öňünde tutulyp iýmitlendirilmese, sygyr süýdüniň düzüminiň täsiri, çaganyň iýmitinde köp mukdarda süýji ulanylanda, inçe içegede iýmiti özleşdiriş-soruş hadysasynyň bozulmagy (içegäniň diwary arkaly köp mukdarda belogyň ýitirilmegi) netijesinde ýokançly däl içgeçme döräp biler.
• Iýmitleriň saklanyş düzgüni bozulanda ýa-da allergiýa täsirli iýmitler (ýertudanasy, ýumurtga, greýpfrut) we käbir derman serişdeleri (ýod, brom, sulfanilamidler, antibiotikler) dowamly ulanylanda ýa-da ýaramaz täsiri bilen döreýän içgeçmäniň hem ýüze çykmagy mümkindir.
• Aşgazanyň we aşgazanasty mäziň şiresiniň, ödüň ýeterlik bölünip çykmazlygy hem-de inçe içegede birnäçe fermentleriň az bölünip çykmagy sebäpli iýmitiň ýeterlik özleşmezligi içgeçmä getirip biler.
• Derman serişdeleriň (aýratyn-da, antibiotikler, ýokançlara garşy serişdeler) täsiri bilen hem içegede hereket edýän mikrofloranyň kadaly düzümi üýtgäp (disbakterioz), içgeçmäniň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.
• Newrogen içgeçmeleri — içegeleriň kadaly hereketini üpjün edýän nerw ulgamynyň sazlaşygynyň bozulmagyna getirýän ýagdaýlarda (meselem, tolgunma we gorky) ýüze çykyp bilerler.

Çaga gaýtaranda, içi geçende we bedeniniň temperaturasy ýokarlananda köp mukdarda suwuklygy: adaty gaýnadylan suwy, çaýy bir çaý çemçeden içirmeli.

«Diş çykýandyr», «Gün urandyr» diýip, çagalary öýde özbaşdak bejermekden saklanmaly. Içege keselleriň ýaýramazlygy üçin näsag wagtynda bejergi almaly. Munuň üçin içgeçmäniň ilkinji alamatlary döräp başlandan maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Öňüni alyş çäreleri

Içgeçme keselleriniň öňüni almak üçin ýönekeý çäreleri dogry we doly ýerine ýetirmek zerurdyr.

• Elleri sabynlap ýuwmagy endik etmeli. Elleri ýygy-ýygydan (daşardan öýe gelnende, hajathanadan soň, nahar taýýarlamazdan öň) sabynlap ýuwmaly;
• Bagdan ýa-da ekinden alnan gök önümdir miweleri şol wagt däl-de, biraz sowanyndan soň ýuwup iýmeli.
• Gök önümleri, miweleri akar suwda gowy edip ýuwmaly. Soňra üstünden gaýnag suw guýup dökmeli.
• Taýýar nahary otag temperaturasynda iki sagatdan köp goýmaly däl. Çalt zaýa bolýan önümleri sowadyjyda saklamaly.
• Satyn alynýan önümiň ýaramlylyk möhletine üns bermeli. Wagty geçen önümi iýmekden saklanmaly.
• Ýokanç kesel bilen kesellän näsag bilen galtaşykda bolmakdan saklanmaly.
• Agyz suwuny arassalanan ýa-da gaýnadyp sowadylan görnüşde içmeli.
• Tomusda ýandak gülüniň demlemesini içmeli.
• Kiçi çagalary diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmeli. Çagany yssy howaly ýerden gyzyp gelip emdirmeli däl.
• Iýmit önümlerini sowadyjylarda saklamaly. Köp saklanan iýmit önümlerini iýmekden saklanmaly.
• Otaglarda siňekleriň bolmazlygyny gazanmaly. Olaryň gap-gaçlara we azyk önümlerine gonmagyna ýol bermeli däl.
• Çagalara köçede, ulagda ýa-da oýnaýan döwründe iýmit iýmäge ýol bermeli däl.

Ýatda saklaň! Bu öňüni alyş çäreleri ýönekeýdir. Her bir adam olary ýerine ýetirse, özüni we golaýyndakylary ýokanç kesellerden gorap biler.

Enejan Annageldiýewa,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: