«Türkmenistan Airlines» awiakompaniýasy 28-nji noýabrdan ýerli ýolagçy gatnawlarynyň gyşky tertibine üýtgeşmeleriň girizilýändigini habar berdi. Girizilen üýtgeşmeler Türkmenabat we Kerki halkara howa menzilleri üçin degişli däl.
Şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli Aşgabat — Daşoguz hem-de şonuň ters ugry boýunça gatnawlar artdyryldy. Görkezilen ugra goşmaça gatnawlaryň biri 12-nji dekabra çenli her gün amala aşyrylsa, ikinjisi 13-nji dekabra çenli duşenbe, çarşenbe, anna hem-de ýekşenbe günleri guralar.
Uçuşlaryň tertibine girizilen üýtgeşme ildeşlerimiziň bu sebite amatly şertlerde gidip gelmegini üpjün eder.
Içerki gatnawlara üýtgeşme girizildi, Türkmenabat we Kerki halkara howa menzillerinde…
28
Nov
