DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Hyundai» uçýan elektrotaksi öndürdi

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy СES — 2024 halkara tehnologiýa sergisinde özüniň dört ýolagçy üçin niýetlenilen uçýan ulagy bilen tanyşdyrdy.

460 metr belentlikde uçmaga ukyply bolan bu ulaglar sagatda 192 kilometr tizlik bilen hereket edip, 64 kilometre çenli aralygy geçmegi başararlar. Bu elektrik uçar uçanda we gonanda dikligine hereket edýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri täze S-A2 ulagynyň şu ýylyň ahyrynda ilkinji synag uçuşlarynyň amala aşyrylyp, ýene sanlyja ýyllardan Ýewropanyň we Aziýanyň käbir ýurtlarynda gijesine we gündizine uçuşy amala aşyryp başlajakdygyna ynam bildirýärler.