TÜRKMENISTAN HABARLARY

Hytaýyň hökümeti türkmenistanly ýaşlara talyp hakyny hödürleýär

Hytaý Halk Respublikasy öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa
döwletleriniň ýaşlaryna 600 talyp haky, şeýle hem 1,5 müň hünärmeniň
gaýtadan hünärini kämilleşdirmegini maliýeleşdirer. Bu barada Hytaýyň daşary
işler ministri Wan I Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi
Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynda
belläp geçdi.
Hytaýyň ministri öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda Hytaýyň Merkezi Aziýanyň
ýaşlaryna 600 talyp haky hödürlenjekdigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi  Hytaýyň ýokary
okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy
boýunça okamaga dalaşgärleri seçip alyş işine girişdi. Şunuň bilen baglylykda,
25-nji noýabrdan 10-njy dekabra çenli aralykda Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. 18 ýaşa
ýeten we 25 ýaşdan uly bolmadyk raýatlary (Hytaýda okamak üçin) okuwa
girmäge resminamalary tabşyrmaga hukuga eýedir. Iňlis diline erk etmek hem
giriş synaglaryna gatnaşjaklar üçin zerur talapdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: