BIZE YAZYARLAR

Hytaýyň bilim ulgamy

Dünýäniň ilat sany boýunça iň öňdäki döwleti hasaplanýan Hytaý Halk Respublikasy ykdysady taýdan hem öňdäki orunlary eýeleýär. Döwletiň ykdysady kuwwatynyň güýçlenmegine täsir edýän esasy sebäpleriň biri hem ýurduň bilim ulgamynyň kämil bolmagydyr.

Hytaýda bilim ulgamy 9 ýyllyk döwlet tarapyndan hökmany orta bilim bar bolup onda yaşlaryň 90% bilim alýar. Başlangyç synpa 7 ýaşdan kabul edilýän çagalar 6 ýylyň dowamynda başlangyç mekdepde tölegsiz ýagdaýda okadylýar. Başlangyç okuwdan soň 3 ýyl orta okuwyň hem tölegsiz we hökmany görnüşde okalmagyny talap edýän Hytaýyň ilatynyň 90% orta bilimi hökman alýarlar. Orta mekdebi tamamlan ýaşlar ýokary bilim almak üçin 3 ýyl hünär mekdeplerini okamaly bolýarlar. Hünär mekdeplerine synag tabşyrmak arkaly kabul edilýän ýaşlaryň baryýogy 40 % häzirki wagtda 12 ýyllyk bilimi alýarlar. Orta mekdeplerde okuw sagatlary irden sagat 7-30 dan agsham 21-00 çenli dowam edip bilýär. Mekdep okuwçylaryndan edilýän talaplaryň has güýçlidigini göz öňünde tutup döwlet 2021-nji ýyldan başlap olary ýeňilleşdirmek üçin çäreler görüp başlady. Meselem 2021-nji ýyla çenli Hytaýda mekdep okuwçylaryndan bir ýylyň dowamynda 38 hepde okap galan dynç alyş möwsüminde hökmany daşary ýurt dilleri ýa-da matematika kurslaryna gatnamaklary talap edilýärdi,häzirki wagtda bolsa onuň deregine sport ýa-da aýdym-saz bilen meşgullanmaklaryna rugsat berilýär.

 Ýokary bilim almak isleýän ýaşlar üçin Hytaýda 2000-den gowurak Ýokary okuw jaýlary bar bolup olar tölegli hem-de tölegsiz görnüşlerdedirler. Tölegsiz uniwersitetlerde okamak üçin giriş synaglarynda ýokary netije talap edilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň GAOKAO diýlip atlandyrylýän giriş synagyna gatnaşan dalaşgärleriň (2021-nji ý.) 41,6% Uniwersitetlere kabul edildi. Iň ýokary derejede bilim berýän bu döwletde maddy ýagdaýy bolmadyk talyplaryň hem bilim almagyna goldaw berilýär. Dünýäde bilim ulgamy boýunça 17-nji ýerde durýan HHR ýurtda berilýän bilimi has-da kämilleşdirmek üçin birnäçe maksatnamalary işläp taýýarlaýar

 Narhal  Esgerowa

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.