Hytaýyň 50-den gowrak şäherinde sürüjisiz taksiler hereket edýär
Soňky ýyllarda dünýä döwletleriniň ösen şäherlerinde sürüjisiz ulaglaryň sanynyň artdyrylmagy «akylly» ýol düzümini döretmäge ýardam edýär. Bu görnüşli ulaglary öndürmekde we işe goýbermekde Hytaý öňdeligi eýeleýär.
Häzirki wagtda bu ýurduň şäherleriniň 50-den gowragynda sürüjisiz ulaglar hereket edýär.
2030-njy ýyla çenli Hytaýda şeýle şäherleriň sany 100-e ýetiriler. Üstümizdäki ýylda bu ýurtda şeýle ulaglaryň 100 müň sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda ýurtda kompaniýalaryň 200-den gowragynda iş alnyp barylýar. Sürüjisiz «akylly» ulaglar, esasan, şäheriçi taksi hyzmatyny ýerine ýetirýärler.
Olarda oturdylan kameralar, radarlar, ýol görkezijiler we beýleki enjamlar hereketi howpsuz amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ABŞ-da hem sürüjisiz ulaglaryň hereketi giň gerim alýar.