DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýly hünärmenler aýyň topragynyň nusgalaryny öwrenip başladylar

Hytaýly hünärmenler Ýere «Çanýe-5» zondunyň getiren aýyň topragynyň nusgalaryny öwrenmäge girişdiler. Bu barada «Синьхуа» habar beriş agentligine salgylanmak bilen, «trud.ru» habar berýär.

Duşenbe güni, ýagny 12-nji iýulda, regolitiň 17 gram töweregi 13 sany ylmy-barlag institutlarynyň arasynda paýlanyldy. Olaryň barlag programmalaryna gatnaşmak üçin beren haýyşnamalaryny Hytaý milli kosmos müdirliginiň ýanyndaky aý barlaglary we kosmiki programma Merkezi makullady. «Çanýe-5» aý zondy 2020-nji ýylyň 240-nji noýabrynda kosmosa uçurylypdy. Ol orbital, düşýän, uçýan we yzyna dolanyp gelýän modullardan durýardy. 17 dekabrda yzyna gelýän modul aýyň topragynyň nusgalarynyň takmynan 1731 gramyny alyp, Ýere dolanyp gelipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: