Hytaýdan Owganystana konteýner ýüklerini eltip bermek üçin işe girizilen täze multimodal ugur Türkmenistanyň, şol sanda Lebap welaýatynyň üstünden geçer. «Uztemirýolkonteýneriň» habar bermegine görä, demir ýol we awtomobil ulaglaryny utgaşdyrýan bu ugur Hytaýdan başlanyp, Gazagystanyň Altynköl serhet geçelgesiniň, Özbegistanyň Buhara logistika merkeziniň üsti bilen dowam edýär. Buharada awtomobil ulaglaryna geçirilýän ýükler soňra Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip, Owganystanyň Hyrat şäherine ýetirilýär.
Täze ugruň işe girizilmegi Hytaýdan Owganystanyň günbatar welaýatlaryna ýük daşamakda adaty deňiz ýoluna garanyňda has netijeli alternatiwa döreder. Ozal bu ugur boýunça ýükler Eýranyň Bender-Abbas portunyň üsti bilen 31 — 55 gün aralygynda eltilen bolsa, täze gury ýer multimodal ugrunda bu möhlet 30 güne çenli gysgalýar. Ugruň umumy uzynlygy 7 400 kilometre deňdir.
Hytaýdan Owganystana uzaýan multimodal ugur Lebap welaýatynyň üstünden geçer
09
May

