Hytaýda uzynlygy 3 kilometre golaý bolan awtoulag köprüsiniň gurluşygy tamamlandy. Ol deňiz derejesinden 625 metr belentlikde guruldy. Şeýlelikde ol dünýäde şeýle belentlikde gurlan ilkinji köpri boldy. Polatdan gurlan asma köprini gurujylar ýene bir dünýä rekordyny goýdular. Täze köpriniň esasy ganatynyň uzynlygy 1420 metre barabardyr. Munuň özi hem daglyk ýerde
gurlan şeýle desgalaryň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Dünýäde iň belent bu köpri ýurduň Guýçžou welaýatynda ýerleşip, ýokary tizlikli Lýuçži — Anlun awtoulag ýoluny birleşdirýär. Ol sürüjilere ep-esli wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende, Hytaýyň awtoulag ýollaryny we kuwwatly köprüleri gurmakda dünýäde başky orny ynamly eýeleýändigini bellemek ýerlikli bolar.
Hytaýdaky täze köpri iki rekord goýdy

12
Jun