Hytaýda uçýan awtoulaglary öndürýän zawodyň gurluşygyna girişildi
Hytaý Halk Respublikasy dünýäde ilkinji bolup, uçýan awtomobilleri öndürýän
zawodyň gurluşygyna başlady.
Ýurduň Guançjou şäherinde 180 müň inedördül metr meýdany eýelejek bu iri
zawod «Xpeng Aeroht» kompaniýasynyň buýurmasy esasynda gurulýar. Taslama
laýyklykda zawodda «Xpeng Land Aircraft Сarrier» kysymly uçýan awtomobiller
öndüriler.
Bu elektromobilleriň uçuşynyň synaglardan üstünlikli geçendigini-de ýatlamak
gerek. Zawodyň işläp başlamagy bilen ýylda şeýle ulaglaryň 10 müňsüni öndürmek
meýilleşdirilýär. Kompaniýa eýýäm buýurmalaryň 3 müňden gowragyny kabul etdi.