Pekiniň şäherinde Bütindünýä oýunlary çäklerinde ilkinji gezek adampisint robotlaryň arasynda futbol ýaryşy guraldy. Ýaryşa hersinde üç robot oýunçysy bolan dört topar gatnaşdy. Oýun iki tapgyrdan ybarat boldy we olaryň hersi 10 minut dowam etdi. Robotlar emeli aň arkaly dolandyrylyp, adam gatyşmazdan oýnady. Olar 20 metr aralykdan topuň ýagdaýyny 90% takyklykda kesgitlemegi
hem-de biri-birine topy 85% derejesinde takyk geçirmegi başardylar.
Ýaryşda çykyş eden robotlar köp spektrli kameralar, YOLOx7 neýroseti, şeýle-de deňagramlylygy saklamak üçin giroskoplar we akselerometrler bilen üpjün edilendir. Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda hereketleri doly kämilleşmedik robotlar 5–6 ýyldan soňra professional futbolçylar bilen bäsleşip biljek derejä ýeterler.
Hytaýda robotlaryň arasynda futbol ýaryşy geçirildi
28
Aug
