Hytaýyň paýtagty Pekinde adampisint robotlaryň satuwyna ýöriteleşdirilen dünýäde ilkinji dükan açyldy. Bu dükän 4S ölçegde işläp, onda diňe bir robotlary satyn almak däl, eýsem, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary sargyt etmek, hyzmatlardan peýdalanmak we bazary öwrenmek hem mümkindir. Bulardan
başga-da, bu ýerdäki naharhanada we restoran-barda müşderilere robot hyzmatçylar, aşpezler hyzmat edýärler, sahnada bolsa robot sazandalar çykyş edýärler.
Meýdany dört müň inedördül metre barabar bolan bu dükanda robotlaryň 50-den gowrak görnüşi hödürlenilýär. Hytaý şeýle tehnikalary öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda her ýylda senagat robotlarynyň 556 müňden gowragy öndürilýär.
Hytaýda robotlar robot söwdasyna girişdi
21
Aug

