Hytaýda öndürilen ulag dünýä rekordyny täzeledi
Hytaýyň «Geely» kompaniýasynyň öndüren, ýüki bilen umumy agramy 42
tonna barabar bolan «Yuanхing Xinghan H» kysymly awtoulagy 787 litr metanol ýangyjy bilen 1522,9 kilometr aralygy geçip, öňki dünýä rekordyny täzeledi hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy.
Şonda ol her 100 kilometre 51,7 litr ýangyjy sarp etdi. Munuň özi 1 kilometr
aralygy geçmegiň bahasynyň bary-ýogy 14 sente barabar bolandygyny
görkezýär. Bu ýük çekijiniň 600 at güýçli hereketlendirijisi bolup, ol spirt-
wodorod garyndysynda işleýär. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 120 kilometre
barabardyr.
Täze ulagyň peýda bolmagy ýükleri daşamagyň bahasyny peseltmäge, şeýle
hem daşky gurşawa aralaşýan zyýanly galyndylaryň möçberlerini ep-esli
azaltmaga mümkinçilik berer.