Hytaý inženerleri tarapyndan gurluşygy üstünlikli tamamlanan suwasty ulag geçelgesi dünýä rekordlarynyň birbada ikisine eýe boldy. Ýagny «Szinan Huangan» diýlip atlandyrylan geçelge dünýädäki şeýle geçelgeleriň iň ulusy we gurluşygy tiz wagtda — 110 günüň dowamynda tamamlanan taslama hökmünde ykrar edildi.
Huanhe derýasynyň 30 metr çuňlugyndan geçýän bu daşy germewli geçelgäniň uzynlygy 3290, diametri bolsa 17 metrdir. Bu täze geçelgede hereket zolaklarynyň 6-sy bolup, ulaglaryň sagatda 60 kilometre çenli tizlik bilen iki tarapa hereket etmekleri üçin döwrebap mümkinçilikler ornaşdyrylandyr.
Hünärmenler suwasty geçelgäniň gurluşygynda iň kämil innowasiýalary ulandylar.
Hytaýda dünýäde iň uly suwasty geçelge guruldy

09
Jan