DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýda 625 metr belentlikde köpri guruldy

Hytaýda täze awtoulag köprüsiniň gurluşygy tamamlandy, ol dünýäde iň beýik awtoulag
köprüsi diýen ada dalaşgärlik edýär. Köpri deňiz derejesinden 625 metr belentlige ýetip,
uzynlygy 3 kilometre golaý diýip, «MIR 24» habar berdi.
Köpri Beýpan derýasynyň üstündäki uly Huaszýan kanýonyny (derýa suwunyň emele getiren
hanasyny) kesip geçýär. Indi onuň beýleki tarapyna geçmek üçin bary-ýogy bir minut
ýeterlik. Köprüniň açylyşy iýun aýynda meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: