DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýda 4 millimetr galyňlykdaky smartfon öndürildi

Hytaý Halk Respublikasynyň «Oppo» kompaniýasynyň hödürlän «Find N5» eplenýän smartfonlary «dünýädäki iň ýuka smartfon» diýlip yglan edildi. Açylanda galyňlygy bary-ýogy 4,21 millimetr bolan bu telefonlar USB Type-С birleşdirijisinden birneme ulurakdyr.
Hünärmenler bu üstünligi telefonyň önümçiliginde 3D görnüşde çap edilen panelleri we uglerodly materiallary ulanmak bilen gazandylar. Şeýlelikde täze smartfonyň agramy-da bary-ýogy 229 grama deň boldy. Suwa ýa-da daşyň ýüzüne gaçanda hem zeper ýetmeýän bu smartfonlaryň esasy goragy güýçli we çydamly alýuminden ýasalan daşky çarçuwasydyr. Şeýle-de täze smartfonyň kamera, akkumulýator sygymlylygy we ýat mümkinçilikleri hem ýokary baha mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: