LUKMANÇYLYK

Hytaýda 3 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalara sanjym ediler

Hytaýda 3 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym edilmeli, diýlip karar kabul edildi, diýip «atavatan-turkmenistan.com» habar berýär.

Welaýat derejesindäki ýerli hökümetler koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagy bilen bu düzgüni girizdi.

Syýahatçylyga ep-esli garaşly bolan demirgazyk-günbatardaky Gansu welaýaty 25-nji oktýabrdan başlap, «COVID-19»-yň täze ýagdaýlary ýüze çykarylandan soň ähli syýahatçylyk desgalaryny ýapdy. Mongoliýanyň käbir ýerleriniň ýaşaýjylaryna-da öýlerinde galmak tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: