DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaýda 200 tonnadan gowrak alkogolly içgi döküldi

Hytaýyň günorta-günbatar welaýaty bolan Syçuanda alty bal magnitudaly güýçli ýer titremesi zerarly hytaýlaryň araga meňzeş adaty içgisiniň — baýszýuniň 200 tonnadan gowragy dökülipdir. Bu barada «The Paper» gazetine salgylanmak bilen, «lenta.ru» habar berýär.

Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, ýerasty silkinmeler alkogol saklanýan jaýy zaýalapdyrlar. Ýer titremesiniň netijesinde baýszýu gaplanan 170 farfor gap döwülipdir. Dökülen içgini ýok etmek üçin 50 sany halas edijini we dokuz sany ýangyn söndüriji maşyny iberipdirler.

«South China Morning Post» bolsa öz gezeginde, Hytaý hökümetiniň 76 müň ýaşaýjyny göçürendigini we betbagtçylygyň yzyny ýok etmek üçin welaýata dört müň halas edijini iberendigini habar berýär. Soňky maglumatlara görä, üç adam heläkçiligiň pidasy bolupdyr, ýen-de 88-si ejir çekipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: