2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli Hytaýa 180 güne çenli berilýän gysga möhletli wizalara ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlary biometrik maglumatlary, şol sanda barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadyldy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, D, J1, Q1, S1, X1 we Z derejeli wizalar boýunça ýüz tutmalarda barmak yzlaryny tabşyrmak talaby öňküsi ýaly saklanyp galýar.
Hytaýa gitjekler üçin hoş habar
30
Dec
