DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaý ýene 75 döwletiň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Hytaý şu wagta çenli 75 ýurduň raýatlary üçin bir taraplaýyn ýa-da özara ylalaşyk esasynda wizasyz düzgüni girizdi. Bu, ýurduň wiza düzgünlerini kämilleşdirmek we halkara alyş-çalyşyklary goldamak boýunça eden tagallalarynyň çäginde boldy.
“Xinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Hytaýyň Migrasiýa meseleleri boýunça döwlet gullugynyň başlygy Wang Çžiçžun geçirilen metbugat ýygnagynda gürrüň berdi.
2021-2025 ýyllary aralygyndaky 14-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň döwründe Hytaý arkaly wizasyz tranzit mümkinçiligi berlen ýurtlaryň sany 55-e çenli artdy.