JEMGYÝET

Hytaý sanjymynyň koronawirusyň «hindi» ştammyna garşy öňüni alyş we goraýyş güýji bar

Hytaýda «COVID-19»-iň garşysyna ulanylýan sanjym koronawirusyň «hindi» ştammy diýlip atlandyrylýan «delta» ştammynyň garşysyna gowy öňüni alyş we goraýyş ukybyny görkezýär. Bu barada «China Daily» neşirinde çap edilen makala salgylanmak bilen, «Труд» gazeti ýazýar. «Bar bolan maglumatlar sanjymyň «delta» görnüşiniň garşysyna täsiriniň birazajyk pesdigine şaýatlyk edýär, ýöne bu ştammyň öňüni alyş we goraýyş täsiri saklanýar» diýip, gazet Hytaýyň kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň ylmy işgäri Fen Szynszýanyň sözlerini getirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: