Hytaý emeli adalardaky iň uly howa menzilini gurar
Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar.
Täze halkara howa menzili 20 inedördül kilometrde ýerleşer, ol ilkibada ýylda 43 million ýolagça, soňlugy bilen 80 milliona çenli adama hyzmat eder. Ölçegi babatda ol Gonkongyň halkara howa menzilinden (12,48 in.km) we Ýaponiýadaky Kansaý halkara howa menzilinden (10,5 in. km) hem uly bolar.
Bu ady tutulan howa derwezeleri-de emeli adalarda ýerleşýär.