DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Hyperloop» wakuum otlusy aralyklary çalt geçmäge kömek eder

Giperses çatlygynda ýöreýän «Hyperloop» magnit otlusynyň ilkinji gatnaw ugruny Birleşen Arap Emiratlygynda iki uly şäheriň — Dubaý bilen Abu-Dabiniň arasynda ýola goýarlar. Onuň işe girizilmegi bilen iki uly şäheriň arasyndaky bir ýarym sagatlyk ýoly 12 minutda geçip bolar. Bu barada «ЭкоТехника» neşiri ýazýar.
«Hyperloop One» kompaniýasy eýýäm BAE-niň ýol-ulag agentligi (RTA) bilen ýokary tizlikli liniýany gurmaga taýýarlyk işlerini geçirmek barada şertnama baglaşdy.
«Hyperloopyň» tizliginiň sagatda 800 kilometr we ondan hem ýokary bolmagyna garaşylýar. Şonuň ýaly-da, soňy bilen Dubaý bilen El-Riýady ýokary tizlikli ulgamyň birleşdirmegine garaşylýar. Şonda 9 sagatlyk ýoly 48 minutda geçip bolar.
Içinde 6-dan 100 adama çenli ýerleşdirip boljak dürli görnüşli «wagonlary» gurmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply