Hüwdi – halk döredijiligiň görnüşi bolup, esasan hem çagalara aýdylýan aýdym äheňli goşgulardyr. Hüwdiler özünde pendi-nesihatlary jemleýän setirler, türkmen enäniň çagasyna aýtýan söýgüden doly sözlerdir. Hüwdiler köplenç dört setirden ybarat bolup, setiriň soňunda aýdylýan “hüwwa-hüw” sözünden “hüwdi” sözi gelip çykypdyr diýip aýdylýar. Hüwdiler köplenç garry eneler, mamalar, çaganyň ejesi tarapyndan döredilýär we ýerine ýetirilýär.
Gadym döwürlerde adamlar “adamyň terbiýesi hüwdi aýdymlaryndan başlanýar” diýip belläpdirler. Hüwdi çaganyň ösüşine we onuň bilen gürrüňdeşlige täsir edýär. Hüwdi aýdymlary çaganyň terbiýesiniň ilkinji guraly bolup durýar. Aýdymyň teksti ýönekeý, ýöne ol terbiýe we ösüş gymmatlygy özünde jemleýär. Hüwdi aýdymlaryň çaga täsir ediş sferasy “ýatyrmak we köşeşdirmekden” daşary has giň täsiri bar. Hüwdi aýdymlary diňe bir aýdymyň fiziki, psihiki we ahlak saglygyny berk oňyn täsir etmek bilen däl-de, eýsem çaganyň geljegi göz öňüne getirilýär. Bu ýagdaýy sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty Liliýa Demina hem tassyklaýar. Hüwdüleriň kömegi bilen çagada ýuwaş-ýuwaşdan diliň fonetiki kartasy emele gelýändigi, ol duýguly bezelen sözleri we frazalary gowy kabul edýändigini we ýatda saklaýandygyny, diýmek gürlemäge ir başlajakdygyny soňky gözegçilik işleri görkezdi. Duýguly tejribe kabul etmek bilen çaga özüniň sözlerindäki täsirini birleşdirýär. Hut şonuň üçin her adam diýen ýaly özüniň çagalygyndaky hüwdüsini tutuş ömrüne ýadynda galýar.
Hüwdüler gadymy halk gürrüňlerine ýakyn, ikisinde hem aýratyn ýerine ýetirilişiň görnüşi, meňzeş gurluşy, jadyly elementler bar – diýip derňew geçirijiler ýene bir gyzykly pursady belleýärler. Köp hüwdi aýdymlarynda diliň syrly keşpleri saklanyp galypdyr – uky, pişik, çal möjek. Şu baglanşyk bilen hünärmenler hüwdi diňe bir çaga uky we boýy, baýlygy we geljekdäki saglygy bilen baglanşykly däl-de eýsem, çaga soň keselli ýagdaýynda ýa-da daşky gurşawyň negatiw täsirinden goramakda peýdaly bolup durýar – diýip belleýärler. Şonuň üçin hünärmenler ene-atalara “Öz çagaňyzy ussadyň, jadygöýüň, gözbagçynyň döreýşi ýaly dörediň. Hökmany ýagdaýda güýçli, akylly, owadan, şowly bolmaga kömek etjek hüwdileri aýdyň” diýip aýdypdyrlar. Hüwdileriň her bir setiri çuňňur many-mazmuna baý bolup, enäniň çagasyna bolan söýgüsini beýan edýär.
SAHATOWA Käkilik,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň talyby.
