BIZE YAZYARLAR

Hususy telekeçiler üçin eksport mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek, hususy önüm öndürijileriň daşary bazarlara çykmagyna amatly şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda gümrük edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri hem telekeçilere hereket edýän düzgünleri düşündirmekden, harytlaryň eksport edilmeginde kanunylygyň berjaý edilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna laýyklykda, edara görnüşli taraplardan başga-da, hususy telekeçilere hem birnäçe azyk harytlaryny ýurdumyzyň çäginden daşary alyp gitmäge rugsat berilýär. Bu bolsa ýerli önüm öndürijiler üçin öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga giň mümkinçilik döredýär.
Hususy telekeçiler tarapyndan eksport edilip bilinýän azyk harytlarynyň hatarynda alkogolly içgiler, mineral suwlar, alkogolsyz içgiler, gök we bakja önümleri, ir-iýmişler, makaron önümleri, ary baly, nahar duzy, pomidor goýutmasy, doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzuň beýleki görnüşleri bar. Şeýle hem mineral bejeriş suwlary, gaplanan gök we miwe önümleri, süýji-köke önümleri, balyk konserwleri hem-de pagta ýagy ýaly önümleriň Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilmegine rugsat berilýär.
Bu sanawa girýän harytlaryň gümrük paçlary tölenmezden we mukdar taýdan çäklendirilmezden eksport edilip bilinmegi hususy telekeçileriň işjeňligini artdyrýar. Şol bir wagtda bu düzgün ýurdumyzyň azyk önümleriniň daşary bazarlarda tanalmagyna, ýerli önümçiligiň kuwwatlanmagyna, telekeçileriň eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine oňyn täsir edýär.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem raýatlara we hususy telekeçilere hereket edýän gümrük düzgünlerini düşündirmek, eksport-import amallarynyň kanuny esasda alnyp barylmagyna ýardam bermek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Kanunçylygyň talaplaryny dogry berjaý etmek bolsa telekeçilik işiniň ygtybarly we netijeli ösdürilmeginiň möhüm şertidir.

Nurmyrat ALTYÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.