Dünýä ýurtlarynda ýiti ýokanç keseliň ýaýramak howpynyñ dowam edýändigine garamazdan Türkmenistanda bu çylşyrymly ýagdaýyň üstünlikli hötdesinden gelinip, durmuş adatdakysy ýaly dowam edýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň agramly böleginde iş alyp barýan türkmen hususyýetçileri özleriniň iş depginlerini asla gowşanadok. Gowşatmaga hiç hili esas hem ýok. Çünki Hökümetimiz tarapyndan ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin berk çäreler görüldi. Şol işleriň netijesinde Türkmenistan bu gün howply ýokanç keseliň aralaşmadyk az sanly döwletleriniň hatarynda ynamly orun aldy.
2020-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Lebap welaýatynyň telekeçileri tarapyndan üç sany desga gurlup, ulanylmaga tabşyryldy.
Olar Saýat etrabyndaky ýyladayşhana, Türkmenabat şäherindäki sowadyjy ammar we Çärjew etrabyndaky keramiki kerpiç öndürýän zawoddyr. Şeýlelikde, welaýatda ozal hem iş orunlarynyň müňlerçesini döreden döwlete dahylsyz pudak täze iş orunlarynyň ýene-de 50-siniň döremegine ak ýol açdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanan sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem nygtalyşy ýaly, ýurtda hususy sektoryň ykdysadyýetde tutýan orny barha berkeýär. Mundan 10 ýyl gowrak ozal nebit-gaz pudagyny hasaba almazdan, olaryň içerki önüm öndürmekdäki paýynyň 2%-e barabar bolanyndan, häzir 65%-dengeçdi. Munda Lebap welaýatynyň telekeçileriniň hem orny uludyr.
Şu ýylyň ilkinji iki aýynda sebitiň hususyýetçileri tarapyndan 32 million 582 müň manatdan gowrak gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Sebitde telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri ýene-de dowam edýär. Şu ýyl Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginde ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän 600 orunlyk orta mekdebiniň, Çärjew etrabynda işe giriziljek Alýuminiýden aýna we gapy öndürýän kärhananyň gurluşygyny hem hususy gurluşyk kärhanalary alyp barýarlar.
Şu döwürde 4 million 584 müň manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. Öndürilen senagat we gurluşyk önümleriniň bahasy bolsa 4 million 400 müň manatdan geçdi. Söwda we hyzmat ulgamlarynda bu görkeziji 95 million 296,5 müň manatdan geçdi.