TÜRKMENISTAN HABARLARY

Hususy bölegi goldamak ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr

«Türkmenistan» gazetinde bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň Döwlet býujetinde döwlete dahylsyz bölegi goldamak esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça maliýe goldaw çäreleri dowam etdiriler.
Bu çäreleriň Lebap welaýatynda hususy telekeçiligiň işjeňligini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine we sebit ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegine garaşylýar.