Saýat etrabynyň Çaltut şäherçesiniň ýaşaýjysy Mähri Ýoldaşowa ejesinden öwrenen kärini dowam etdirip, gurma el senediniň ussadyna öwrüldi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
— Ýönekeý ýaly görünse-de, gurama tikmek maýda hem-de döredijiligi talap edýän iş. Haly, palas ýaly önümleriň nagyşlarynyň taryhynyň, özboluşly many-mazmunynyň bolşy ýaly, guramalaryň nagyşlary hem täsinligi bilen tapawutlanýar. Ejem öz işlerinde, esasan, «çarhypelek», «düýe gözi», «durnahatar», «günebakar», «byçgy diş» ýaly nagyşlary köpräk ulanardy. Bu nagyşlaryň hersiniň adyna görä aýratynlygy, tikiliş usuly bar — diýip, Mähri neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.
Neşiriň ýazyşy ýaly, Mähri häzirki wagtda ýaşaýan sebitinde meşhur guramaçy hökmünde tanalýar. Gyzyny durmuşa çykarjak ýa-da gelin edinjek maşgalalar oňa sargyt yzyna sargyt ýagdyrýarlar.
― Ejem dürli mata böleklerinden ýassyklary, ýorgandyr düşekçeleri, bukjalary, saçaklary, horjun-çuwallary, sallançak baglaryny, çaga başgaplaryny tikerdi. Men ejemden ilki bilen guramanyň «gaşynyň», ýagny, ak matalaryň reňkli mata bölekleri bilen sazlaşdyrylyp tikilişini öwrendim. Gadymy döwürlerden miras galan el işlerini yhlas bilen dowam etdirýändigime buýsanýaryn — diýip, Mähri gürrüň berýär.
Hünärini ejesinden öwrenen saýatly gyz bu gün sargytlara ýetişenok
27
Nov
