BIZE YAZYARLAR

Hünärim bar-hormat bar

Geçen ýyl uçurym boldum welin, haýsy ugur okasamkam? Haýsy işi başararkam? Haýsy bölüm meniň üçin amatly bolarka? Haýsy hünärde pul gazanyp bilerinkam? Diýen soraglar ýüze çykdy. Bu ýyl 2005 nji ýylda doglanlar orta mekdebi tamamlap, käbiri birinjilik bilen watan öňündäki borjuny ýerine ýetrimegi ýada işlemegi saýlady, käbirleri bolsa ýokary okuw jaýlaryna girip öz bilimini artdyrmagy dowam etdi. Köp okuwçylar öz hyýalyndaky ýada iň gowy edip biljek hünärlerini öňünden saylap alypdyrlar, käbirleri bolsa saýlap ýetişmediler. Olaryň kellesindäki iň uly sorag okuw jaýlarynda haýsy bölümi okap bilerin? Hünär saýlan wagtymyz öňümizde 3 dürli faktor bolup bilýa:

  1. Öz isleýän hünärimiz
  2. Ene-atamyzyň isleýäni
  3. Iň köp pul gazandyrýan hünär

Hemme ene-ata çagalarynyň gowy işlerde işlemegini gowy pul gazanmagyny isleýär, şol sebäpdenem käbir ene-atalar öz çagalarynyň hünärlerini özleri saýlaýarlar. Köplenç ýaşlar özleriniň ene-atalarynyň saýlan hünärlerini halamaýarlar, şol sebäpden ene-atalar öz çagalarynyň saýlan hünärlerine hormat goýmaly. Biz näçede öz kararlarymyzy alyp bilýän bolsagam ene-atamyzdan ak pata almak iň möhüm zatdyr. Köp pul gazandyrýan hünär: elbetde her kim yerine ýetirýän hünärinden köp pul gazanasy gelýa, emma koplenç bul işler halanman edilýa, diňeje köp pul gazanmak üçin edilýän hünärlerden wagt geçdigiçe ýadap başlaýa we işe bolan höwesimiz azalýar. Şol sebapden size iň gowy boljak zat bolsa öz saýlan hünäriňizdir şonuň üçin öz gowy görýän hünäriňizi tapmaly we saýlamaly. Ýöne gynansakda bu aýdylyşy ýaly aňsat zat däl, sebäbi saýlap aljak hünäriňiz galan ömruňizi nädip ýaşajagyňyzy görkezýär. Düýä belli alyp Albert Eýnşteýnyň aýtmagyna görä – her çaganyň, hir bir ynsanyň özüniň aýratyn ukyby bar, ýagny matematika sapagynda 8×9 bilmeýän çaga edebiýatdan 5-lik alýan bolsa ol çaganyň akylsyz we zehinsiz diyip aydyp bolmaýa. Käbir çagalaryň matematika, käbir çagalaryp edebiýata, käbirleriniň dil öwrenmäge, käbirleriniň geografiýa sapagyna ukuby bolýa, a käbirleriniň hem bütin sapakalara ukuby bolýa, ýöne bul örän seýrek duş gelýär. Esasy bolan zat ol aýratyn bir ukuby tapyp bilmek. Eger bir çaganyň dil öwrenmäge ukuby bar bolsa, mekdep döwründen şol ugura gönükdirmeli. Diňe matematika sapagyndan gowy bilýän okuwçy zehinli diýen düşünjede ýalňyş. Onda diýmek zehiniň diňe bir görnüşi ýok, sosiologiýanyň we filosofiýanyň zehin teoriýasyna görä 8 sany zehin kategoriýalary bar. Geliň olar bilen gysgaça tanyşdyraýyn:

  1. 1.Linguistiki zehin – munda adamlar dili gowy ulanýarlar. Bu zehinli adamlaryň hünärlerine: söz ussatlary we publikada gepläp çykyş edip bilýänler mysal bolup biler.
  2. 2.Logiki zehin – bu zehinli ynsanlar matematika sapagyna has hem höwesjeň bolýarlar. Logiki taýdan beynlerini örän gowy ulanýarlar bulara mysal bolsa alymlar bolup biler.
  3. 3.Wizual zehin – munda adamlar reňkleri çyzmakda örän ökde bolýarlar. Meselem suratkeşler, dizeýnerler we kinomtogroflary degişli etsek bolýar.
  4. 4.Sosial zehin – bu kategoriýadakylar adamlar bilen sosial aragatnaşygy ýowy gurnap bilýärler muňa marketologlary mysal getirsek dogry bolar.
  5. 5.Ritmiki zehin – munda adamlar aýdym-sazdaky ritmleri gowy duýýarlar. Meselem: sazandalar we bagşylar.
  6. 6.Kinestetiki zehin – sport we fiziki taýdan zehinli bolýarlar. Bulara mysal sportsmenlar bolup biler.
  7. 7.Tebigata bolan zehin – tebigatdan gözleg etmäne, kolleksiýa edip olar bilen ylmy-barlag geçirmane halaýarlar. Muňa mysal edip arheologlary we botaniklary getirip bileris.
  8. 8.Ruhy zehin – ruha degişli zatlara we dine ýakyn adamlar degişli bolýarlar.

Siz özüňizi bularyň haýsysyna ýa-da haýsylaryna has hem ýakyn duýýaňyz? Şeýlede meniň size öz bölümleriňizi saýlamak boýunça birnaçe maslahatym bar yagny birinjilik bilen özüňize ýakyn bölümi saylamaly, haýsy ugurda işlemek isleýäňiz? Haýsysy size has hem ýakyn gelýär? Ýa-da haýsysyna has hem ukybyňyz bar?

  • Tehnologiýa
  • Energiýa
  • Saglyk
  • Oba hojalyk
  • Genetika
  • Ekonomika
  • Gurluşyk
  • Robotatehnika
  • Kosmos
  • Syýasat
  • Sungat
  • Kinomotografiýa

Haýsy hünäri saýlasaňyz hem ýanynnda tehnologiýalary ýagny kompýutery we iňlis dilini öwreniň. Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeklerinde işe girmek üçin şol 2 zat örän möhüm. Iňlis dili we tehnologiýa. Tehnologiki taýdan kodlama, algoritm we kompýuter programmalaryny ulanmak barada öwreniň ýa-da kurs alyň. Bulary bilmek maddy taýdan hem kömek edýär. Iňlis dilini bilmek bolsa, häzirki döwürde çeşmeleri ýetmek üçin iň wajyp ýollardan biri eken. Soňra bolsa häzirki döwürde ýa-da geljekde meşhur bolup biljek hünärleri gözleşdirmeli. Meselem 10 ýyl öň ady eşidilmedik hünärler häzir ynsanlara millionlar gazandyrýar. Edil tersi ýaly öň meşhur bolan hünärler häzir tehnologiýanyň ösmegi bilen ýitip barýar. Eger bu zatlar size 15 ýyl mundan öň aýdylan bolsa, näme ederdiňiz? Adamlar internetden pul gazanyp biljegini, robotlaryň ynsanlara hyzmat etjegini ýa-da oturan ýeriňden öýüňe islendik zady getirdip biljegiňi. Diýmek bizem hünär saýlanymyzda diňeje geçmişimizi ýa-da bu günümizi däl-de geljegimizi hem göz öňünde tutmavly.

Hamraýew Said Intizarowiç

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” dersiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: