Hünäre höwes ― geljege ak ýol
Ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemekde, esasan, gyzlara el hünärlerini öwretmek ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän milli mirasydyr. Özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyzda hünär bereket başy hasaplanýar.
Pederlerimiziň „Hünärli — zor, hünärsiz — hor“, „Hünär bereket getirer“ diýlen ýaly ajaýyp pähimleri hem muňa doly şaýatlyk edýär.
Ilçilikde, gezip ýörseň, her hili zehine gabat gelýärsiň. Olaryň arasynda has-da deljeleri hem bar. Olary göreniňde bolsa, biparh seredip, ýöne gaýdyp bileňok.
Ine, biziň çagalar we ýetginjekler öýümizde hem okuwçylar el hünäriniň delje görnüşlerini dokamagyň ussady. Olaryň dokaýan dürli şekiljiklerini biygtyýar synlamak mümkin däl.
Tüweleme, zehinlije gyzlar adaty ýüplükden täsinlik baryny döretmegiň hötdesinden gelýärler.
Olaryň dokaýan el işleriniň toplumynda adyny tutan şekiljigiň bar. Ululy-kiçili göze ýakymlyja el işleriniň her biri aýratyn bir sungat. Bu owadanja, edil janly ýaly şekiljikleri edil janly ýaly edip döretýärler. Adaty ýüplükleriň dürli şekillere girip, joraba, ellige öwrülişi täsin hünär sungatyna öwrülýär duryberýär.
Türkmençilikde her bir öýde gyz maşgala heniz kiçiliginden hünär öwredilip başlanylýar. Bu bolsa olaryň durmuşda her haçan öňünden çykyp, hatda terbiýesine-de uly ähmiýeti bar.
Sebäbi olar ertirki gün ýurdumyzy hünäridir, kesp-kärleri bilen ösdürip, özgertmeli ýaşlar. Eli çeper zehinlije gyzlar hünärini ele almakda öz mugallymlaryndan hoşal bolýarlar. Olaryň yhlasy bilen gyzlar dürli şekilleri dokamakda has-da kämilleşýärler.
Il içinde zehinli ýaşlarymyz juda kän. Goý, olaryň zehini elden-ele geçip, ýurdumyza ýaýylsyn!
Begam MYRADOWA,
Çärjew etrap Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.