Hünär bäsleşigi.
2024-nji ,,Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda kamil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň 19.02.2024-nji ýyldaky №45-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň 27.02.2024-nji ýyldaky №23-55g belgili Buýruk-Karary esasynda welaýat kitaphanasynda hünär bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
I-nji orna – welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Tagandurdyýewa
Amangözel;
II-nji orna – Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň
kitaphanaçysy Agamuradowa Şirin,
III-nji orna – Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşligindäki kitaphana
şahamçasynyň kitaphanaçysy Razakowa Solmaz we
Saýat etrabynyň Yslam geňeşligindäki kitaphana
şahamçasynyň kitaphanaçysy Aganyýazowa Gülzada
mynasyp boldylar.
I-II orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.